Tramp: "Russiýa bilen ýadro ýaraglar bilen baglanşykly ylalaşygyň üstünde işleýäris" diýdi

Donald Tramp Florida ştatynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi

1465569
Tramp: "Russiýa bilen ýadro ýaraglar bilen baglanşykly ylalaşygyň üstünde işleýäris" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Waşingtonyň Moskwa bilen ýadro ýadro ýaraglaryň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy bilen bagly ylalaşyk baglaşmakdan hoşal boljakdygyny habar berdi. 

Florida ştatynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Tramp, Russiýa bilen ýadro ýaraglar bilen baglanşykly geçirilýän gepleşikler barada: "Häzirki wagtda Russiýa bilen ýadro ýaraglaryň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy bilen bagly ylalaşygyň üstünde işleýäris. Aramyzda şu ugur boýunça ylalaşyk baglaşyp bilsek gowy bolardy" diýip beledi. 

27-30-njy iýul aralygynda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde älem giňişliginiň howpsuzlygy, doktrinalar we mümkinçilikler bilen açyklyk we tassyklama babatynda biri-biriniň yzyndan geçirilen hünärmeleriň maslahatynyň çägindäki ikitaraplaýyn dialogda Russiýa bilen ABŞ-nyň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirilipdi. 



Degişli Habarlar