Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Russiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 14 müň 58 adama ýetdi

1465469
Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 683 müň 389 adamdan, wirus ýokanlaryň sany 17 million 778 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 11 million 177 müň adamdan geçdi. 

14 müň 58 adamyň ýogalan Russiýada, Kovid-19 bilen keselländigi anyklananlaryň sany 845 müň 443 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 36 müň 583 adamyň ýogalan Hindistanda wirus ýokanlaryň sany 1 million 701 müň adama ýetdi. 

Eýranda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 16 müň 766 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 304 müň 204 adama ýetdi. Ýurdyň Maşad şäherinde adam ýitgileriniň we wirus ýokýan adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli seýilgähler we parklar ýaňadandan ýapyldy.

Kovid-19 sebäpli 4 müň 741 adamyň ýogalan Yrakda wirusa ýoluganlaryň sany 124 müň 609 adama ýetdi.

Hytaýda koronawirus epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli 4 müň 634 adam ýogaldy. Soňky 24 sagatda 6-sy daşary ýurt bilen arabaglanşygy bolan jemi 45 adamyň wirusa ýolugandygy anyklandy. Ýurtda soňky 24 sagatda adam ýitgisi çekilmedi, wirus ýokan adamlaryň sany bolsa 84 müň 337 adama ýetdi.

Gonkongda soňky 24 sagatda wirus sebäpli ýene-de 2 adam ýogaldy, ýene-de 121 adamda wirus hasaba alyndy. Şeýlelik bilen Gonkongda ýogalan adamlaryň sany 29-a, koronawirus ýokanlaryň sany bolsa 3 müň 273 adama ýetdi.

301 adamyň ýogalan Günorta Koreýada soňky 24 sagatda 23-i daşary ýurt bilen arabaglanşygy bolan jemi 31 adamyň Kovid-19-a ýolugandygy anyklandy. Günorta Koreýada şeýlelik bilen koronawirusa ýolugan adamlaryň sany 14 müň 336 adama ýetdi.

Ysraýylda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 512 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 71 müň adama ýetdi. 

Afrika materiginde şu günki güne çenli koronawirus epidemiýasy sebäpli iň köp adam ýitgisi 8 müň 5 adam bilen Günorta Afrikada, 4 müň 805 adam bilen Müsürde we 1 müň 210 adam bilen Alžirde bolandygy mälim edildi. 

Kovid-19 pandemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Kuweýtde 447 adama, Marokkoda 353 adama we Liwanda 59 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar