Russiýada Kovid-19 sanjymynyň kliniki synaglary tamamlandy

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko, metbugat işgärlerine beýanat berdi

1465506
Russiýada Kovid-19 sanjymynyň kliniki synaglary tamamlandy

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko, Gamaleýa instituty tarapyndan oýlanyp tapylan koronawirus epidemiýasyna garşy sanjymyň kliniki synaglarynyň tamam bolandygyny habar berdi.

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, bellige alyş tertibi üçin resminamalaryň taýarlanýandygyny mälim etdi.

Mihail Muraşko, sanjymyň bellige alynmasyndan soň sanjymyň ilki bilen saglygy goraýyş işgärleri bilen mugallymlara edilmäge başlanjakdygyny belläp, bu toparlaryň şol bir wagtda gözegçilik astynda saklanjakdygyny aýan etdi.

Mihail Muraşko, Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň oktýabr aýyndan başlap bolsa beýleki adamlara sanjymlaryň edilmäge başlanjakdygyny habar berdi.

Vektor wirusologiýa instituty tarapyndan oýlanyp tapylan sanjymyň bolsa kliniki synag tapgyryndadygyny ýatladan Muraşko, şonuň bilen birlikde öňmizdäki 1,5-2 aýyň dowamynda ýene-de 2 sanjymyň meýletinleriň üstünde synaglaryň geçirilmegine garşýandyklaryny beýan etdi.


Etiketkalar: #synag , #klinika , #Russiýa

Degişli Habarlar