Eýranda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 16 müň 982 adama ýetdi

Eýranda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 306 müň 752 adama ýetdi

1465597
Eýranda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 16 müň 982 adama ýetdi

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 683 müň 901 adamdan, wirus ýokanlaryň sany 17 million 802 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 11 million 191 müň adamdan geçdi. 

Eýranda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 16 müň 982 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 306 müň 752 adama ýetdi. Ýurdyň Maşad şäherinde adam ýitgileriniň we wirus ýokýan adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli seýilgähler we parklar ýaňadandan ýapyldy. Prezident Hasan Ruhani sanjymyň oýlanyp tapylýança çenli berk öňüni alyş çäreleriniň görülmäge dowam ediljekdigini we görkezmelere gulak asmaýanlaryň bolsa jezalandyryljakdygyny habar berdi. Ýurtda maslahatlar geçirmek gadagançylygynyň dowam edýändigini aýdan Ruhani, şu aýyň ahyryna gabat gelýän dini çäreleriň bolsa saglygy goraýyş bilen bagly düzgünnamalaryň berjaý edilip ýerine ýetiriljekdigini mälim etdi. 

14 müň 58 adamyň ýogalan Russiýada, Kovid-19 bilen keselländigi anyklananlaryň sany 845 müň 443 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 36 müň 662 adamyň ýogalan Hindistanda wirus ýokanlaryň sany 1 million 706 müň adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli 4 müň 741 adamyň ýogalan Yrakda wirusa ýoluganlaryň sany 124 müň 609 adama ýetdi.

Hytaýda koronawirus epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli 4 müň 634 adam ýogaldy. Soňky 24 sagatda 6-sy daşary ýurt bilen arabaglanşygy bolan jemi 45 adamyň wirusa ýolugandygy anyklandy. Ýurtda soňky 24 sagatda adam ýitgisi çekilmedi, wirus ýokan adamlaryň sany bolsa 84 müň 337 adama ýetdi.

Gonkongda soňky 24 sagatda wirus sebäpli ýene-de 2 adam ýogaldy, ýene-de 121 adamda wirus hasaba alyndy. Şeýlelik bilen Gonkongda ýogalan adamlaryň sany 29-a, koronawirus ýokanlaryň sany bolsa 3 müň 273 adama ýetdi.

301 adamyň ýogalan Günorta Koreýada soňky 24 sagatda 23-i daşary ýurt bilen arabaglanşygy bolan jemi 31 adamyň Kovid-19-a ýolugandygy anyklandy. Günorta Koreýada şeýlelik bilen koronawirusa ýolugan adamlaryň sany 14 müň 336 adama ýetdi.

Ysraýylda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 512 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 71 müň adama ýetdi. 

Afrika materiginde şu günki güne çenli koronawirus epidemiýasy sebäpli iň köp adam ýitgisi 8 müň 5 adam bilen Günorta Afrikada, 4 müň 805 adam bilen Müsürde we 1 müň 210 adam bilen Alžirde bolandygy mälim edildi. 

Kovid-19 pandemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Kuweýtde 447 adama, Marokkoda 353 adama we Liwanda 59 adama ýetdi. 

Ýemende koronawirus epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli 493 adamyň ýogalandygy, 1 müň 728 adamyň bolsa wirusa ýolugandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar