Dünýä derejesinde koronawirusdan ýogalanlaryň sany 683 müň 266 adamdan geçdi

Dünýäde koronawirus bilen keselläninden soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 11 million 167 müň adamdan geçdi

1465360
Dünýä derejesinde koronawirusdan ýogalanlaryň sany 683 müň 266 adamdan geçdi

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 683 müň 266 adamdan, wirus ýokanlaryň sany 17 million 771 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 11 million 167 müň adamdan geçdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 36 müň 583 adamyň ýogalan Hindistanda wirus ýokanlaryň sany 1 million 701 müň adama ýetdi. 

Eýranda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 16 müň 766 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 304 müň 204 adama ýetdi. 

13 müň 963 adamyň ýogalan Russiýada, Kovid-19 bilen keselländigi anyklananlaryň sany 839 müň 981 adama ýetdi. 

Ysraýylda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 512 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 71 müň adama ýetdi. 

Afrika materiginde şu günki güne çenli koronawirus epidemiýasy sebäpli iň köp adam ýitgisi 8 müň 5 adam bilen Günorta Afrikada, 4 müň 805 adam bilen Müsürde we 1 müň 210 adam bilen Alžirde bolandygy mälim edildi. 

Kovid-19 pandemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Kuweýtde 447 adama, Marokkoda 353 adama we Liwanda 59 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar