ABŞ-da iki kiçi uçar howada çakyşdy

Hadysa bilen baglanşykly derňew işi başladyldy

1465581
ABŞ-da iki kiçi uçar howada çakyşdy

ABŞ-nyň Alýaska ştatynda 2 kiçi uçaryň howada çakyşmagy netijesinde aralarynda ştatyň mejlisiniň 1 agzasy hem bolan jemi 7 adam ýogaldy. 

Alýaska ştatynyň resmileri tarapyndan berilen beýanatda, Soldotna howa menziliniň golaýynda başdan geçirilen uçar heläkçiliginde hiç kimiň halas bolmandygy aýan edildi. 

Ştatyň mejlisiniň agzasy Gary Knoppyň özi tarapyndan ulanylan uçarda diňe ýeke özüniň bolandygy, beýleki uçarda bolsa 4 syýahatçy, 1 ýolbelet we 1 uçarman jemi 6 adamyň bolandygy mälim edildi. 

6 adamyň wakanyň bolan ýerinde, ýene-de 1 adamyň bolsa hassahana gidip barýarka ýolda ýogalandygy habar berildi. 

Hadysa bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 



Degişli Habarlar