Kovid-19 sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 10 million 992 müň adamdan geçdi

1465216
Kovid-19 sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 677 müň 980 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 17 million 543 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 10 million 992 müň adamdan geçdi. 

Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 161 adam artyp, 13 müň 963 adama,  wirus ýokan adamlaryň sany bolsa 5 müň 482 adam artyp 839 müň 981 adama ýetdi.

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 779 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 35 müň 887 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 55 müň 78 adam artyp, 1 million 649 müň 323 adama ýetdi.  

Koronawirus pandemiýasy sebäpli 16 müň 766 adamyň ýogalan Eýranda, wirus ýokan adamlaryň sany 304 müň 204 adama ýetdi. Ýurtda şu günki güne çenli aralarynda lukmanlar hem bolan saglygy goraýyş edaralaryndan jemi 140 adam ýogaldy, saglygy goraýyş edaralarynyň 6 müňden gowrak işgärine bolsa wirus ýokdy. 

Kovid-19 sebäpli Günorta Afrikada 7 müň 812 adam, Pakistanda 5 müň 951 adam, Indoneziýada 5 müň 131 adam, Yrakda 4 müň 671 adam, Saud Arabystanynda 2 müň 842 adam ýogaldy. 

Koronawirus pandemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 müň 23 adama ýeten Filippinlerde soňky 24 sagatda ýene-de 4 müň 63 adamyň wirusa ýolugandygy anyklandy. Filippinlerde koronawirus ýokan adamlaryň sany şeýlelik bilen 93 müň 354 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar