Malaýziýanyň Ozalky Premýer-ministri 12 ýyl Azatlykdan Mahrum Edildi

Ozalky Premýer-ministre 210 million riggiti puşmana töleg jezasy hem berildi

1463358
Malaýziýanyň Ozalky Premýer-ministri 12 ýyl Azatlykdan Mahrum Edildi

Malaýziýanyň Döwlet Galkynyş Gaznasynda galplyk derňewinde günäli diýlip tapylan ozalky Premýer-ministri Nejip Razak 12 ýyl azatlyk mahrum edildi we 210 million Malaýziýa ringgiti jerime tölemeli edidi.

Kuala Lumpuryň Ýokary kazyýetinde şu gün geçirilen diňlenşikde Nejip 42 aýyplamanyň 7-sinden günäli tapyldy.

Kazy Mohd Nazlan Mohd Gazali 2014-2015-nji ýyllarda Döwlet galkynyş gaznasynyň halkara paýdary “SRJ” firmasyndan şahsy bank hasabyna 42 million ringgit pul geçirmek, güýçden hyýanatçylykly peýdalanmak we haram pul aklamak etmişlerinden Nejibi 12 ýyl azatlykdan mahrum etdi we 210 million ringgiti puşmana tölegini tölemegine höküm etdi.

Kazy Mohd Nazlan etmiş sebäpli berilmeli gamçylama jezasynyň bolsa Nejibiň ýaşy sebäpli berilmejekdigini beýan etdi.

Ozalky Premýer-ministri galplyk derňew işiniň çaginde 42 etmiş etmekde aýyplanýar.

 



Degişli Habarlar