Dünýäde koronawirusa ýoluganlaryň sany 16 million 226 müň 492 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 10 million adama golaýlady

1462048
Dünýäde koronawirusa ýoluganlaryň sany 16 million 226 müň 492 adama ýetdi

 

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 648 müň 866 adama, wirus ýokanlaryň sany 16 million 226 müň 492 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 10 million adama golaýlady. 

Hindistanda koronawirus pandemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 32 müň 151 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 390 müň 429 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli 15 müň 700 adam ýogalan Eýranda, wirus ýokanlaryň sany 288 müň 839 adama ýetdi. 

Yrakda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 72 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 2 müň 862 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 4 müň 284 adamlyk artyş bilen, 107 müň 573 adama ýetdi. 

457 adamyň Kovid-19 sebäpli ýogalan Ysraýylda, wirus ýokanlaryň sany 60 müň adamdan geçdi. 

Demirgazyk Koreýanyň Kaesong şäherinde ilkinji Kovid-19 wakasy bellige alyndy. Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, geçen hepde Demirgazyk Koreýanyň Kaesong şäherine bikanun ýagdaýda giren Kovid-19 bilen keselländigi şübhe edilýän adam gözegçilik astynda tutulýar.

Müsürde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 4 müň 558 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 91 müň 583 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli beýleki käbir ýurtlardaky adam ýitgileri şular ýaly: Russiýada 13 müň 269 adam, Günorta Afrikada 6 müň 655 adam, Pakistanda 5 müň 822 adam, Saud Arabystanynda 2 müň 703 adam we Owganystanda 1 müň 248 adam.



Degişli Habarlar