Liwiýa bilen Katar özara gatnaşyklaryny ösdürýär

Liwiýanyň Premýer ministri Serraj bilen Kataryň Daşary işler ministri Al Sani Stambulda duşuşdy

1460882
Liwiýa bilen Katar özara gatnaşyklaryny ösdürýär

 

Liwiýanyň Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, Liwiýanyň Premýer ministri Faýiz As Serraj bilen Kataryň Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani Stambul şäherinde duşuşdy.

Duşuşykda, Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar duşuşykda, Liwiýa krizisiniň syýasy taýdan 2015-nji ýylyň dekabr aýynda baglaşylan Suheýrat şertnamasyna we BMG-nyň we 2020-njy ýylyň ýanwar aýynda Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirlen konferensiýanyň kararlaryna laýyklykda çözülmelidigini nygtady.

Liwiýa bilen Kataryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy.



Degişli Habarlar