Kuweýdiň 91 ýaşyndaky Emir Sabah, bejergi üçin ABŞ-na gitdi

Emiriň käbir wezipeleri wagtlaýyn Mirasdar Şazada Newaf Al Ahmed Al Jabir As Sabaha tabşyryldy

1460744
Kuweýdiň 91 ýaşyndaky Emir Sabah, bejergi üçin ABŞ-na gitdi

 

Kuweýdiň Emiri Sabah Al Ahmed Al Jabir As Sabah bejergi üçin ABŞ-na gitdi.

Kuweýdiň KUNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, geçen ýekşenbe güni operasiýa bolan 91 ýaşyndaky Emir Sabah, bejergi üçin ABŞ-na gitdi.

Habarda Emiriň käbir wezipeleriniň wagtlaýyn Mirasdar Şazada Newaf Al Ahmed Al Jabir As Sabaha tabşyrlandygy nygtaldy.

Geçen hepde şenbe güni saglyk gözegçiligi üçin hassahana giden Emir  Sabah Al Ahmed Al Jabir As Sabah ýekşenbe güni opertasiýa bolupdy.


Etiketkalar: #bejergi , #Emir , #Kuweýt

Degişli Habarlar