ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 147 müň 333 adama ýetdi

ABŞ-da wirusa ýoluganlaryň sany 4 million 170 müň adama ýetdi

1461091
ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 147 müň 333 adama ýetdi

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 636 müň 630 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 15 million 660 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 9 million 546 müň adamdan geçdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 147 müň 333 adamyň ýogalan, wirusa ýoluganlaryň sany 4 million 170 müň adama ýeten ABŞ-da, ýurdyň Prezidenti Donald Tramp mekdepleriň güýz paslynda açylmagynyň gerekdigini belledi. Mekdepleriň uzak wagtlap ýapyk bolmagynyň maşgalanyň içinde psihiki we sosiologik meseleleri ýüze çykaryp biljekdigini aýdan Tramp, çagalaryň koronawirus sebäpli ölüm görkezijileriniň 1 göterimden hem aşakdygyny habar berdi. Tramp mekdeplerde gerek bolan öňüni alyş çäreleriň görülip bilinmegi üçin Kongresiň üstünde işleýän Kovid-19 goldaw meýilnamasyna 105 milliard dollar pul serişdesiniň bölünip aýrylmagy barada çagyryş berdi. 

Braziliýada soňky 24 sagatda ýene-de 1 müň 311 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky koronawirus sebäpli adam ýitgileri 84 müň 82-ä, wirus ýokanlaryň sany bolsa 59 müň 961 adamlyk artyş bilen, 2 million 287 müň 475 adama ýetdi. 

Meksikada bolsa soňky 1 günde ýogalanlaryň sany 718 adam artyp, 41 müň 908 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 8 müň 438 admlyk artyş bilen 370 müň 712 adama ýetdi. 

Fransiýada epidemiýa sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 10 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 30 müň 182-ä ýetdi. Ýurtda koronawirus epidemiýasyna ýoluganlaryň sany bolsa 1 müň 62 adamlyk artyş bilen, 210 müň 972 adama ýetdi. Soňky hepdede wirus ýokan adamlaryň sany 27 göterim artan ýurtda, onuň sebäbiniň bolsa Kovid-19 bilen bagly düzgünleriň raýatlar tarapyndan berjaý edilmezligi diýip habar berildi. 

Italiýada soňky 24 sagatda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 10 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 35 müň 92-ä ýetdi. Italiýada soňky 1 günde ýene-de 306 adama wirusyň ýokandygy aýan edildi. 

Ispaniýada soňky 24 sagatda Kovid-19-dan ýene-de 3 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 28 müň 429 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 971 adamlyk artyş bilen 270 müň 166 adama ýetdi. 

Portugaliýada Kovid-19 pandemiýasyndan soňky 1 günde ýene-de 3 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 1 müň 705-e ýeten bolsa, wirusa ýoluganlaryň sany 229 adamlyk artyş bilen 49 müň 379 adama ýetdi. 

Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Boliwiýada epidemiýa sebäpli şu günki güne çenli 2 müň 328 adam ýogalan bolsa, wirus ýokanlaryň sany 64 müň 135 adama ýetdi. 

Argentinada ýene-de 114 adamyň ýogalmagy bilen ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 2 müň 702 adama, wirus ýokandygy bellige alynanlaryň sany bolsa 6 müň 127 adam artyp, 148 müň 27 adama ýetdi. 

Çilide Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 116 adam köpelip, 8 müň 838-e, wirus ýokandygy hasaba alynanlaryň sany bolsa 2 müň 371 adamlyk artyş bilen 338 müň 759 adama ýetdi. 

Awstriýada koronawirus pandemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 139 adam artan bolsa, wirus ýokanlaryň sany 309 adamlyk artyş bilen 13 müň 590 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar