Eýran Saud Arabystany bilen gepleşik geçirmäge taýar

“Düşnüşmezlik ýaly meseleler diňe gepleşik arkaly çözüler"

1458349
Eýran Saud Arabystany bilen gepleşik geçirmäge taýar

 

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Abbas Musewi, Saud Arabystany bilen gepleşik geçirmäge taýardyklaryny we düşnüşmezligiň gepleşik arkaly çözülip bilinjekdigini aýtdy.

Musewi, Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugyna beren beýanatynda, Yragyň Premýer ministri Mustafa Al Kazymyň Saud Arabystanyna gurajak sapary we Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda maglumat berdi.

Eýranyň sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga we gepleşiklere taýardygyny aýdan Musewi “Düşnüşmezlik ýaly meseleler diňe gepleşik arkaly çözüler. Saud Arabystany bilen baglanşykly syýasatymyzy we tagallalarymyzy birnäçe gezek yglan etdik” diýdi.

Eýranyň köpçülikleýin habarlar beriş serişdeleri Yragyň Premýer ministri Kazymynyň, Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda töwellaçy bolup biljekdigini öňe sürdi.

Emma şu gün irden  Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziziň ýarawsyzlygy sebäpli hassahanada bejergi astyna alynandygy we Kazymyň saparynyň yza süýşürlendigi habar berildi.

 



Degişli Habarlar