Indoneziýada bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artýar

Indoneziýanyň Günorta Sulawesi ştatynda aşa güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda ýogalan adamlaryň sany 16-a ýetdi

1455462
Indoneziýada bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artýar

Makassar gözleg we halas ediş işler agentliginiň başlygy Mustari, sil apatynyň täsirli bolan Demirgazyk Luwu sebitinde ýene-de 3 adamyň jesediniň tapylmagy bilen, ýogalanlaryň sanynyň 16 adama ýetendigini mälim etdi. 

Düýn 46 diýip aýan edilen dereksiz ýiten adamlaryň sany baradaky maglumatyň 23 adam hökmünde täzelenendigini aýdan Mustari, sil apatynda 10 adamyň hem ýaralanandygyny beýan etdi. 

Resmiler, sil apatynyň 4 müňden gowrak adama ýaramaz täsir ýetiren sebitde gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini habar berdiler. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Indoneziýa

Degişli Habarlar