Kovid-19 howpy dowam edýär

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 576 müň 285 adamdan geçdi

1454886
Kovid-19 howpy dowam edýär

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 576 müň 285, wirusa ýoluganlaryň sany 13 million 266 müň 196, wirusy ýeňenleriň sany 7 million 732 müň  863adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 138 müň 273, wirusa ýoluganlaryň sany 3 million 480 müň 44 adamdan geçdi. Gallup ylmy barlag firmasy tarapyndan geçirlen sowalnama görä, Demokrat partiýa goldaw berýänleriň 94 göterimi daşary çykýarka maska dakýandygyny nygtaýar. Şol san Respublikan partiýa goldaw berýänlerde bolsa 46 göterim. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sanynyň ýaňadandan artmaga başlamagy sebäpli, täze okuw ýylynda mekdepleriň açyljak wagtynyň yza süýşürlendigi habar berildi. ABŞ-da täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli işsiz galanlardan 5,4 million adam saglyk ätiýaçlandyryşyndan mahrum boldy.

Braziliýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 72 müň 921, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 887 müň 959 adama ýetdi.

Epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany Meksikada 35 müň 491, wirusa ýoluganlaryň sany 304 müň 435 adama ýetdi.

Italiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 13 adam artyp 34 müň 967 adama ýetdi.

Fransiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 3 günde 25 adam artyp 30 müň 29 adama, wirusa ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 288 adam artyp 206 müň 192 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli

Britaniýada 44 müň 830

Ispaniýada 28 müň 406

Peruda 12 müň 54

Belgiýtada 9 müň 787

Germaniýada 9 müň 139

Kanadada 8 müň 790

Çilide 7 müň 24

Gollandiýada 6 müň 137

Şwesiýada 5 müň 536

Kolumbiýada 5 müň 455

Argentinada 1903

Ekwadorda 5 müň 63 adam ýogaldy.


Etiketkalar: #ABŞ , #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar