Polşada geçirlen saýlawda Prezident Andrež Duda, saýlawyň ikinji tapgyrynyň ýeňijisi boldy

Hukuk we Adalat partiýasy tarapyndan goldanýan Duda sesleriň 50,4 göterimini aldy

1453876
Polşada geçirlen saýlawda Prezident Andrež Duda, saýlawyň ikinji tapgyrynyň ýeňijisi boldy

 

Polşada geçirlen saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä, Prezident Andrež Duda, saýlawyň ikinji tapgyrynyň ýeňijisi boldy.

Polşanyň PAP habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, häkimiýetiň başyndaky Hukuk we Adalat partiýasy tarapyndan goldanýan Dudanyň sesleriň 50,4 göterimini alandygy nygtaldy.

Dudanyň bäsdeşi çepçi Liberal we Ýaşyllar partiýasyndan ybarat hyzmatdaşlygyň dalaşgäri Rafal Trzaskowski sesleriň 49,6 göterimini aldy.

Bellige alynan 30 million saýlawçynyň 68,9 göterimi saýlawda ses berdi.



Degişli Habarlar