Srebrenisa gyrgynçylygynda ýogalanlar Germaniýanyň Kýoln şäherinde hatyralandy

Srebrenisa gyrgynçylygynda ýogalanlar 25 ýyl soň Germaniýanyň Kýoln şäherinde hatyralandy

1453649
Srebrenisa gyrgynçylygynda ýogalanlar Germaniýanyň Kýoln şäherinde hatyralandy

Din işler guramasynyň Türk-Yslam bileleşiginiň Federal Ýaşlar bileleşigi bilen Germaniýadaky Bosniýalylar Yslam bileleşiginiň ýaşlar şahasynyň bilelikde geçiren hatyralama çäresinde, 1995-nji ýylyň 11-nji iýulynda Srebrenisada ýaş, garry, çaga, zenan, erkek diýmeden öldürilen 8 müňden gowrak adam üçin geçirilen hatyralama çäresinde gynançly pursatlar başdan geçirildi. 

Hatyralama çäresine Din işler guramasynyň Türk-Yslam bileleşiginiň başlygynyň wekili Ahmet Dilek, Din işler guramasynyň Türk-Yslam bileleşiginiň Federal Ýaşlar bileleşiginiň başlygy Furkan Karaja, Ýaşlar koordinatory Eýüp Kalýon, Germaniýadaky Bosniýalylar Yslam bileleşiginiň ýaşlar şahasynyň başlygy Medin Kowasewiç bilen birlikde 100-den gowrak adam gatnaşdy. 

Hatyralama çäresinde çykyş eden Ahmet Dilek, Beýik watançylyk urşundan 50 ýyl soň, Ýewropanyň ortasynda we dünýä jemgyýetçiliginiň gözüniň öňünde bular ýaly wagşylygyň kabul edilmejdkgini belläp: "Srebrenisa gyrgynçylygynyň başdan egçirilmegine 25 ýyl bolmagyna garamazdan ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlarynyň we Bosniýanyň halkynyň bitmedik ýarasy bolmaga dowam edýär" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar