Kovid-19 dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 7 milion 501 müň adamdan geçdi

1453620
Kovid-19 dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 568 müň 290 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 12 million 869 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 7 milion 501 müň adamdan geçdi.

Kovid-19 epidemiýasynyň güýç merkezi bolan ABŞ-da ýogalanlaryň sany 137 müň 403 adama, wirus ýokanlaryň sany 3 million 355 müň 646 adama ýetdi. 

Braziliýada soňky 24 sagatda ýene-de 1071 adamyň ýogalmagy bilen koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany jemi 71 müň 469 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 39 müň 23 adam artyp, 1 million 839 müň 850 adama ýetdi. 

Meksikada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde ýene-de 539 adam artyp, 34 müň 730 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 6 müň 94 adamlyk artyş bilen 295 müň 268 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada, Kovid-19 sebäpli soňky 1 günde ýene-de 148 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 44 müň 798 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 820 adam artyp 288 müň 953 adama ýetdi. 

Italiýada soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 7 adam artyp, 34 müň 945 adama ýetdi. Italiýada aktiw keselli adamlaryň sany 1 günde 125 adam azalan hem bolsa, soňky 1 günde wirusa 188 adam ýolukdy. 

Fransiýada epidemiýa sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 25 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 30 müň 4 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 658 adam artyp, 205 müň 904 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar