Srebrenisa genosidiniň 25-nji ýylynda “Parahatçylyk ýörişi” geçirildi

Parahatçylyk ýörişine gatnaşan ýüzlerçe adam 3 gün dowam eden ýörişlerinden soň Potoçari gonamçylygynda girip gyrgynçylygyň gurbanlary üçin doga etdi

1453100
Srebrenisa  genosidiniň 25-nji ýylynda “Parahatçylyk ýörişi” geçirildi

 

Srebrenisada 1995-nji ýyldaky gyrgyylykdan halas bolmak isleýän bosniýaly halkyň tokaýlyýolda başlan “Parahatçylyk ýörişi” Potoçari ýadigärlik gonamçylygynda gutardy.

Serp güýçleriniň azyndan 8 müň 372 bosniýalyny gyrgyna beren genosidiniň 25-nji ýylynda hatyralama çäreleriniň çäginde geçirlen ýörişe şu ýyl täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli 400-e golaý adam gatnaşdy. Ýörişe gatnaşanlary gonamçylygyň golaýynda srebrenisaly eneler garşylady.

Şu ýyl 16-njysy geçirlen Parahatçylyk ýörişine gatnaşan ýüzlerçe adam 3 gün dowam eden ýörişlerinden soň Potoçari gonamçylygynda girip gyrgyylygyň gurbanlary üçin doga etdi.

Bosniýa-Gersegowinanyň gündogarynda ýerleşýän Srebrenisanyň 1995-nji ýylyň 11-nji iýulynda Ratko Mladiçiň serkerdeligindäki serp güýçler tarapyndan basylyp alynmagyndan soň BMG-nyň ýolbaşçylygyndaky gollandiýaly esgerlerden kömek soran bosniýaly asuda ilat, soň serp güýçlerine tabşyryldy.

Zenanlaryň we çagalaryň bosniýaly esgerleriň gözegçiligindäki etraplara gitmegine rugsat beren serpler azyndan 8 müň 372 erkegi tokaýda, fabriklerde we ammarlarda öldüripdi. Öldürlen bosniýalylar köpçülikleýin mazarlara atylypdy.

weşden soň gurbanlary tapmak üçin başladylan gözleg işlerinde, köpçülikleýin mazarlarda jesetleri tapylan gurbanlar, şahsiýetleri anyklanylandan soň her ýylyň 11-nji iýulynda Potoçaryýadigärlik gonamçylygynda dabaralyýagdaýda jaýlanar.

Şu ýyl hem şahsetleri anyklanylan 9 gurban gonamçylyga jaýlanar.

 



Degişli Habarlar