“Aýasofýanyň ybata açylmagy ähli musulmanlar üçin buýsandyryjy”

Döwlet Geňeşiniň Aýasofýa baradaky kararyna dünýä ýurtlary goldaw berdi

1453130
“Aýasofýanyň ybata açylmagy ähli musulmanlar üçin buýsandyryjy”

 

Palestinadaky Hamas hereketi, Aýasofýanyň ybadata açylmagy baradaky karar hakynda öwgüli sözler aýtdy.

Hamasyň ýolbaşçysy Rafet Murra, mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda “Aýasofýanyň ybata açylmagy ähli musulmanlar üçin buýsandyryjy” diýdi.

Malaýziýanyň Musulman ýaşlar hereketiniň başlygy Muhammed Faýsal Abdul Aziz, Türkiýäniň alan Aýasofýa karary bilen gutlap “Aýasofýa şu gün esasy maksadyna ýetdi” diýdi.

Malaýziýa musulman arkalaşyk geňeşiniň başlygy Mohd Azmi Abdul Hamid bolsa beren ýazmaça beýaantynda, Türkiýäniň Aýasfofýanyýaňadandan ybadata açmak baradaky karary bilen gutlady.

Türk hökümetiniň bu kararynyň hukuga esaslanýandygyny nygtan Mohd Azmi “Türkiýäniň Aýasofýanyň ýaňadandan ybadata açylmagyna baradaky kararyna hiç kim reaksiýa bildirip bilmez”diýdi.

Katardan ýaýlym berýän Al Žazerre telewideniýesiniň ozalky Baş müdüri we Aş Şark forumynyň başlygyWaddah Hanfer hem Türkiýäni Aýasofýa karary bilen gutlady.



Degişli Habarlar