“Srebrensa, Ýewropanyň öwezi dolunmasyz ýalňyşlygy”

ÝB Komissiýasynyň Giňelmekden jogapkär agzasy, Srebrenisa genositiniň Ýewropanyň öwezi dolunmasyz ýarasydygyny aýtdy

1452679
“Srebrensa, Ýewropanyň öwezi dolunmasyz ýalňyşlygy”

 

ÝB Komissiýasynyň Giňelmekden jogapkär agzasy Oliwer Warheli, Srebrenisa genositiniň Ýewropanyň öwezi dolunmasyz ýarasydygyny aýtdy.

Ýewropa Parlamentiniň Baş Assambleýasynda Bosniýa-Gersegowinadaky Srebrenisa genosidiniň 25-nji ýylynda geçirlen oturluşykda çykyş eden Warheli, genosidiň II jahan urşundan soň Ýewropanyň taryhynyň iň garaňky günlerinden biridigine ünsi çekdi.

ÝB Komissiýasynyň Giňelmekden jogapkär agzasy “1995-njği ýylyň iýul aýynda 8 müň 371 bigünä musulman, serp güýçleri tarapyndan bilkastlaýyn öldürildi. Jesetler köpçülikleýin mazarlara atyldy” diýdi.

Warheli, Ýewropanyň Srebrenisada başdan geçirlen wakalary asla ýatdan çykarmandygyna ünsi çekdi.

Warheli “Ýewropa, Srebrenisada üstünlik gazanyp bilmedi. Gyrgyçylygyň öňüni alyp bilmändigimiz üçin bu genositde uly jogapkärçiligimiziň bardygyny asla ýatdan çykarmalyň. Srebrensa, Ýewropanyň öwezi dolunmasyz ýalňyşlygy bolmaga dowam edýär” diýdi.



Degişli Habarlar