Serbiýada koronawirusa garşy görlen çäreler sebäpli başlan ýörüşler 3 günden bäri dowam edýär

Hökümete garşy protestlara öwrülen ýörüşler 3 günden bäri dowam edýär

1452517
Serbiýada koronawirusa garşy görlen çäreler sebäpli başlan ýörüşler 3 günden bäri dowam edýär

 

Serbiýada täze görnüş koronawirusa garşy görlen çäreler sebäpli başlan we hökümete garşy protestlara öwrülen ýörüşler 3 günden bäri dowam edýär.

Paýtagt Belgrat bilen birlikde Nis we Nywi Sad şäherlerde hem başlan protest ýörişleri düýn asuda ýagdaýda geçirildi.

Milli Mejlisiň öňünde bir ýere jemlenşen müňlerçe adam, oturmak bilen hökümete garşydyklaryny beýan etdi.

Hökümetiň alyp barýan syýasatlaryndan hoşal däldiklerini beýan eden protestçylar, aýdym aýdyp tans etdiler.

Howpsyzlyk güýçleri bilen dartgynlygyň başdan geçirilmegine sebäp bolan topardan tapawutlydyklaryna ünsi çeken protestçylar “Oýuna gelme, otur!” diýlip ýazylan şygarlary göterdi.

Prezident Wuçijiň koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň ýaňadandan artmaga başlamagy sebäpli paýtagtda hepdäniň ahyrynda köçä çykmagyň gadagan ediljekdigini beýan etmeginden soň müňlerçe adam sişenbe agşamy mejlisiň öňünde bir ýere jemlenşip karara garşylyk görkezipdi.



Degişli Habarlar