Döwlet geňeşiniň Aýasofýanyň metjide öwrülmegi hakyndaky karary dünýäde giň seslenme döretdi

Habar beriş serişdeleri kararyň, muzeýiň metjide öwrülmeginiň öňündäki bökdençligi ortadan aýyrandygyna üns çekýärler

1452888
Döwlet geňeşiniň Aýasofýanyň metjide öwrülmegi hakyndaky karary dünýäde giň seslenme döretdi

Döwlet geňeşiniň 10-njy Departamentiniň  Ministrler kabinetiniň Aýasofýanyň metjitden muzeýe öwrülmegi hakynda 1934-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul edilen kararyny bes etmegi dünýä metbugatynda giň seslenme döretdi.

Merkezi Britaniýada ýerleşýäň “BBC” habary “Türk kazyýeti 6-njy asyrda gurulan Stambulyň Aýasofýa muzeýiniň metjide öwrülmegine ýol açdy” söz başysyny saýlap aldy.

“Franc 24” Aýasofýany “ajaýyplaryň ajaýyby” hökmünde häsýetlendirip, muzeýiň metjide öwrülmeginiň öňündäki bökdençligiň aýrylandygyny beýan etdi.

Merkezi Katarda ýerleşýän “Al Jazira Nýus” kanaly bolsa Aýasofýanyň ýaňadandan metjide öwrülmeginiň ýoly açyldy diýip, habar berdi.

ABŞ-nyň “NBC Nýus” ýaýalymy bolsa “Stambulyň dünýä meşhur ikoniki Aýasofýasy metjide öwrüler” frazasyny ulandy.

“Nýu-Ýork Taýms” bolsa binagärligiň göwheri Aýasofýanyň metjide öwrülmegi hakyndaky karary hakynda Prezident R.T.Erdoganyň ozal beren beýannamalaryny halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirdi.

Merkezi Gresiýada ýerleşýäň “Skai” bolsa Türkiýäniň Ýokary kazyýetşiniň halkara reaksiýalara garamazdan Aýasofýanyň metjide öwrülmeginiň ýoluny açdy” diýip habar berdi.

Beýleki bir grek habar serişdesi “Naftemporiki” bolsa karardan soň Prezident Erdoganyň halka ýüzlenip çykyş etjekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar