Liwiýa Russiýa çagyryş berdi

Liwiýanyň BMG-däki hemişelik wekili Tahir es-Sunni, Russiýa raýatlary bolan hakyna tutma esgerlerini ýurdundan çekmegi barada çagyryş berdi

1451765
Liwiýa Russiýa çagyryş berdi

 

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde Berlin konferensiýasyna gatnaşyjy ýurtlar bilen geçirilen Liwiýa temaly maslahatda çykyş eden Sunni, halkara jemgyýeti geçen ýyl ýurdyň gündogaryndaky bikanun ýaragly güýçleriň lideri Halife Hafteriň, paýtagt Tripolini ele geçirmek üçin başladan hüjümlerine seslerini çykarmazlyk bilen tankyt etdi. 

Liwiýada Hafteriň düzüminde söweşýän rus Wagner topary bilen birlikde, Sudan, Çad we Siriýa ýaly ýurtlardan getirilen hakyna tutma esgerleriň bardygyna ünsleri çeken Sunni, bu söweşijileriň nebit ýataklaryny basyp almaga synanyşýandygyny habar berdi. 

Birnäçe gün ozal Liwiýa hakyna tutma esger hökmünde girmäge synanyşan 120-den gowrak adamy tussag eden Sudanyň hökümetine minnetdarlyk bildiren Sunni, Liwiýada esgerleriniň bolmandygyny öňe süren Russiýa hem çagyryş berip: "Liwiýada esgerleriňiz bolman biler, emma Wagner topary rus raýatlar bilen birlikde tapawutly milletlerden hakyna tutma esger ulanýar, sizden işe girişmegiňizi we raýatlaryňyzy yza çekmegiňizi isleýäris" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Liwiýa , #Wagner , #Russiýa , #rus

Degişli Habarlar