BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Russiýanyň teklibini kabul etmedi

Russiýanyň 6 aý möhlet bilen diňe 1 gümrük geçelgesinden Siriýa ýardam berilmegi baradaky teklibi ret edildi

1451837
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Russiýanyň teklibini kabul etmedi

 

Russiýanyň Siriýa halkara ynsanperwer kömeginiň berilmegi baradaky taslamany weto etmeginden soň 6 aý möhlet bilen diňe 1 gümrük geçelgesinden Siriýa ýardam berilmegi baradaky teklibi, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi tarapyndan ret edildi.

Russiýa düýn, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde, Türkiýäniň üsti bilen 2 gümrük geçelgesinden Siriýa ynsanperwer kömeginiň berilmegine mümkinçilik döredýän we möhledi 10-njy iýulda gutarýan mehanizmiň möhlediniň uzadylmagyny weto etdi we Howpsyzlyk geňeşine öz teklibini hödürledi.

Russiýanyň Siriýa Türkiýeden Jilwegözü gürmük geçelgesiniň garşysyndaky Babülhawadan diňe 6 aý möhlet bilen halkara ynsanperwer kömeginiň berilmegini teklip edýän taslamasy BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde ret edildi.

ABŞ, Fransiýa, Britaniýa, Germaniýa, Estoniýa we Dominik Respublikasy karara garşy ses berdi.

Tunis, Niger, Indoneziýa bolsa ses bermekden saklandy.

Russiýa, Hytaý, Wiýetnam we Günorta Afrika bolsa karar taslamasyna goldaw berdi.

Siriýa, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararyna laýyklykda diňe Türkiýäniň üsti bilen iki gümrük geçelgesinden  Babüsselam we Jilwegözü gümrük geçelgeleri arkaly halkara ynsanperwer kömegi berilýärdi.

Russiýa bilen Hytaýyň wetosy sebäpli iki gümrük geçelesi hem 10-njy iýulda mehanizmiň möhledi dolýandygy sebäpli ynsanperwer kömekleri üçin ýapylar.



Degişli Habarlar