ABŞ Demirgazyk Koreýa bilen ýadro gepleşiklerine ýaňadandan başlamak isleýär

Koreya bolsa ABŞ bilen gepleşik geçirmejekdigini beýan etdi

1451637
ABŞ Demirgazyk Koreýa bilen ýadro gepleşiklerine ýaňadandan başlamak isleýär

ABŞ-nyň ýadro ýaragsyzlanma boýunça gepleşikleri alyp barmakdan jogapkär döwlet sekretarynyň orunbasary Stefan Bižun ýurdunyň Demirgazyk Koreýa bilen gepleşiklere ýaňadandan başlamaga taýardygyny beýan etdi.

Günorta Koreýada saparda bolan Bižun, paýtagt Seulda kärdeşi Li Do-Hoon bilen geçiren gepleşiklerinden soň beren beýannamasynda; “Demirgazyk Koreýanyň Prezidenti bu meselelerde meniň işleşjek birini bellese, biz gepleşiklere taýar” diýdi.

Bižun gepleşikleriň maksadynyň durnukly parahatçylygy üpjün etmek üçin Koreýa ýarym adasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagyndan ybarat bolmalydygyny nygtady.

Beýleki tarapdan Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada resmi Phenýanyň ABŞ bilen gepleşikleri dowam etdirmejekdigini habar berildi.

Resmi Waşingtonyň ynamdar töwellaçylyk funksiýasyny ýitirendigine üns çekilýän beýannamada: “Ýene-de bir gezek beýan edýäris. ABŞ bilen gepleşik geçirme niýetimiz ýok” diýilýär.

 



Degişli Habarlar