Brtaniýa Saud Arabystanyna Ýarag Satmaga Dowam Eder

Britaniýa Ýemende asuda ilatyň ölmegine sebäp bolýan hüjümleri guraýan Saud Arabystanyna ýarag satuwynyň dowam etmegi hakynda karar kabul etdi

1451288
Brtaniýa Saud Arabystanyna Ýarag Satmaga Dowam Eder

Halkara Söwda ministri Liz Truss hökümetiň, kazyýetiň satuwyň bes edilmegi hakyndaky kararyna laýyklykda ýarag eksporty boýunça düzgünnamalary seljerýändiklerini baýan etdi.

Truss, Saud Arabystanyna degişli harby güýçleriň alyp barýan işleri bilen bagly käbir “aladalandyryjy wakalaryň” halkara gumanitar hukugyň “ düzgünleri bozandygy” netijesine gelinen hem bolsa olary “çäkli wakalar” hökmünde kabul edýandiklerini aýtdy.

Saud Arabystanynyň halkara gumanitar hukugyň düzgünlerini berjek etmegi we ýaraglaryň düzgün bozmalarda ulanylmagy boýunça hiç hili howpyň ýokdugy netijesine gelinendigini öňe süren Truss, Saud Arabystanyna satuwyň dowam etjekdigini aýtdy.

Kararyň Britaniýanyň öňňin žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegindäki pozisiýalary sebäpli şol wagtlar Saud Arabystanynyň Howpsyzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary Ahmed Asiri we mirasdüşer Şazada Muhammed Bin Salmanyň geňeşdary Abdullah Al Kahtani bilen birlikde 20 adamy sanksiýa sanawyna goşmagyndan soň kabul edilmegi ünsleri çekdi.

Britaniýanyň goşmaça sanksiýa syýasaty bilen “iň agyr adam hukuklary jenaýatlaryna goşulanlara garşy göreşiljekdigi” beýan edilipdi.



Degişli Habarlar