ABŞ-da wirusa ýoluganlaryň sany 3 million 97 müň adamdan geçdi

Dünýäde sagalanlaryň sany 6 million 903 müň adamdan geçdi

1451173
ABŞ-da wirusa ýoluganlaryň sany 3 million 97 müň adamdan geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 546 müň 783, wirusa ýoluganlaryň sany 11 million 957 müň, sagalanlaryň sany 6 million 903 müň adamdan geçdi.

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany Braziliýada 1 günde 1254 adam artyp 66 müň 741 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 45 müň 305 adam artyp 1 million 668 müň 589 adama ýetdi. Prezident Bolsonaro koronawirusyň ýokaşandygy anyklanyldy. “Wirusyň başgalaryna ýokaşmazlygy üçin degişli çäreleri görendigini we ýagdaýynyň gowudygyny aýdan” Bolsonaro, koronawirusa garşy degişli çäreleri görmändigi sebäpli ünsleri özüne çekipdi.

Meksikada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 895 adam artyp 32 müň 14, wirusa ýoluganlaryň sany 6 müň 258 adam artyp 268 müň 8 adama ýetdi.

Argentinada Kovid-19 sebäpli 1644 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 2 müň 979 adam artyp 83 müň 426 adama ýetdi.

ABŞ-da epidemiýa sebäpli 133 müň 972 adam ýogaldy, 3 million 97 müň adam hem hasaba alyndy. Prezident Donald Tramp Kovid-19 sebäpli ýapylan mekdepleriň güýz aýlarynda açylmagy üçin ştatlaryň gubernatorlaryna basyş etjekdigini aýtdy. Beýleki taraodan Merilad ştatynda iş alyp barýan Nowawaks derman firmasy, amerikan hökümeti bilen üstümizdäki ýylyň başynda 100 million sanjymyň öndürilmegi üçin  1,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşandygyny mälim etdi.

Türkiýäniň eksportçylar mejlisi, ABŞ-da koronawirusa garşy göreşiň çäginde Kojaeli bilen dogan şäher bolan Meriland ştatyna 100 müň maska kömegini berdi.

Epidemiýanyň Ýewropadaky merkezi Britaniýada, koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 155 adam artyp 44 müň 391 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 581 adam artyp 286 müň 349 adama ýetdi.

Italiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 30 adam artyp 34 müň 899 adama ýetdi. Soňky 24 sagatda ýene-de 138 adama wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 13 adam artyp 29 müň 933, hasaba alynanlaryň sany 475 adam artyp 203 müň 962 adama ýetdi.

Serbiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 13 adam artyp 330 adama, wirusa ýoluganlaryň sany hem 16 müň 719 adama ýetdi. Prezident Aleksandar Wuçiçiň hepdäniň ahyrynda ýurtda köçä çykmagyň gadagan ediljekdigini beýan etmeginden soň halk köçä çykdy. Serbiýanyň Mejlisiniň öňünde jemlenşen halk mejlise girmäge çalyşdy.



Degişli Habarlar