Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjüm guraldy

Burkina-Fasonyň demirgazygynda guralan terrorçylykly hüjümde 50 adam ýogaldy

1450680
Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjüm guraldy

Burkina-Fasonyň metbugatynda berilen habarlara görä, terrorçylar ýurdyň Gorom-Gorom şäheriniň 50 km uzaklygyndaky Petabouilli obasyna hüjüm gurady. 

Terrorçylaryň asuda ilata nyşana alan hüjüminde aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat jemi 50 adam ýogaldy. 

Mali döwletiniň serhediniň golaýyndaky Banh sebiti başda bolmak bilen ýurdyň demirgazyk liniýasynda, 2018-nji ýyldan ýygy-ýygydan terrorçylykly hüjümler guralýar. 

Burkina-Fasony emele getirýän 13 aýry sebitiniň 7-sinde terrorçylykly hüjümler sebäpli 2019-njy ýylyň başyndan bäri adatdan daşary ýagdaý düzgüni dowam edýär. 



Degişli Habarlar