Somalide iki aýry bombaly hüjüm guraldy

Somaliniň paýtagty Mogadişu we Baidoa şäherlerinde guralan 2 aýry bombaly hüjümde 5 adam ýogaldy, 15 adam ýaralandy

1449033
Somalide iki aýry bombaly hüjüm guraldy

Somaliniň Polisiýa gullugynyň metbugat geňeşçisi Aden Ali metbugat işgärlerine beren beýanatynda, ilkinji hüjümde Mogadişu portyndaky gümrük binasynyň, 2-nji hüjümde bolsa Baidoa şäherindäki restoranlaryň biriniň nyşana alynandygyny habar berdi. 

Mogadişudaky hüjümiň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan soňky pursatda öňi alynan hem bolsa, hüjümçi öz üstündäki bombany partlatdy. Hüjümde hüjümçiden başga adam ýogalmady, emma 5 adam ýaralandy. 

Baidoa şäherindäki bombaly hüjümde bolsa 5 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy. 


Etiketkalar: #Mogadişu , #hüjüm , #Somali

Degişli Habarlar