Dünýä derejesinde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 531 müň adama ýetdi

Dünýäde wirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 6 million 416 müň adama ýetdi

1449041
Dünýä derejesinde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 531 müň adama ýetdi

Dünýä derejesinde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 531 müň adama, wirusa ýoluganlaryň sany 11 million 310 müň adama, wirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 6 million 416 müň adama ýetdi. 

Wirus sebäpli şu günki güne çenli 4 adamyň ýogalan DKTR-de soňky 24 sagatda ýene-de 1 adamyň koronawirus bilen keselländigi anyklandy. Şeýlelik bilen DKTR-de koronawirusa ýoluganlaryň sany 113 adama ýetdi. 

Ýogalanlaryň sany 6 adam artyp, jemi 241 adama ýeten Azerbaýjanda, soňky 24 sagatda ýene-de 534 adamyň Kovid-19-a ýolukmagy bilen ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 19 müň 801 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 6 adam artyp, 481 adama ýeten Belarussiýada ýene-de 273 adamda wirusyň bardygy anyklananyndan soň, ýurtda Kovid-19-a ýoluganlaryň sany jemi 63 müň 270 adama ýetdi. 

Moldowada soňky 24 sagatda ýogalan 8 adam bilen birlikde adam ýitgisi 580-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 227 adam artyp jemi 17 müň 672 adama ýetdi. Saglygy goraýyş edaralarynda bolsa 2 müň 516 adamyň wirusa ýolugandygy we şolaryň 26-synyň ýogalandygy aýan edildi. 

Soňky 24 sagatda ýene-de 1 adamyň ýogalan Özbegistanda, adam ýitgisi şeýlelik bilen 30-a, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 111 adam artyp, 9 müň 611 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 52 adam ýogalan Tajigistanda, soňky 24 sagatda Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 51 adam artyp jemi 6 müň 159 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli 15 adam ýogalan Gruziýada, soňky 24 sagatda ýene-de 2 adamyň wirusa ýolukmagy bilen jemi ýoluganlaryň sany 951 adama ýetdi. 

Yrakda koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 1 günde 106 adamyň ýogalmagy bilen ýurtda adam ýitgisi 2 müň 368-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 müň 334 adam artyp, jemi 58 müň 354 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar