"Ýewropa täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli taryhynyň iň agyr günlerini başdan geçirýär"

Merkel, täze görnüş koronawirusyň öz täsirini dowam etdirýändigini emma bu wirus bilen ýaşamagyň öwrenilendigini belledi

1448104
"Ýewropa täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli taryhynyň iň agyr günlerini başdan geçirýär"

 

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Ýewropanyň täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli taryhynyň iň agyr günlerini başdan geçirýändigini aýtdy.

Angela Merkel wideoaragatnaşyk arkaly ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula Fon Der Laýen bilen geçiren gepleşiginden soň metbugata beýanat berdi.

Merkel, täze görnüş koronawirusyň öz täsirini dowam etdirýändigini emma bu wirus bilen ýaşamagyň öwrenilendigini belledi.

“Ýewropanyň taryhynyň iň agyr günlerini başdan geçirýändigini bildirýäris” diýen Merkel, muny ykdysady görkezijilerinden görýändiklerini ýatlatdy.

Merkel, ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne alan Germaniýanyň, Kowid-19 krizisiň hötdesinden gelinmegini gün tertibine alandygyny belledi.

Germaniýa 1-nji iýulda ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne alypdy.



Degişli Habarlar