Kataryň Emiri Al Sani, Prezident Erdoganyň Doha guran sapary barada beýanat berdi

"Araplar bilen Türkiýäniň arasyndaky medeni miras, sebitiň durnuklylygy we galkynyşy üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginde uly rol oýnaýar"

1448082
Kataryň Emiri Al Sani, Prezident Erdoganyň Doha guran sapary barada beýanat berdi

 

Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Al Sani, Araplar bilen Türkiýäniň arasyndaky medeni mirasyň, sebitiň durnuklylygy we galkynyşy üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginde uly rol oýnaýandygyny nygtady.

Al Sani, Prezident R. T. Erdoganyň Kataryň paýtagty Doha guran saparyndan soň Twitteren beýanat berdi.

Erdoganyň sapary mynasibetli Kataryň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňlugyna ünsi çeken Al Sani, “Araplar bilen Türkiýäniň arasynda medeni miras we geografiýa taýdan ýakynlyk sebitiň sebitiň durnuklylygy we galkynyşy üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginde uly rol oýnaýar”diýdi.

Kataryň resmi “QNA” habarlar gullugynyň Erdoganyň sapary hakyndaky habarynda, iki lideriň Palestinada, Liwiýada, Siriýada we Ýemende başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy we iki ýurdy ýakyndan gyzyklandyrýan halkara meseleleri seljerendigi nygtaldy.

Habarda liderleriň iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmekde ygrarlydyklary bellenildi.


Etiketkalar: #Al Sani , #Katar , #hyzmatdaşlyk

Degişli Habarlar