ABŞ, Russiýanyň Talibana pul teklip edendigini öňe sürdi

Russiýanyň Talibanly başbozarlara  Owganystandaky amerikaly esgerleri öldürmegi üçin pul teklip edendigi öňe sürüldi

1447805
ABŞ, Russiýanyň Talibana pul teklip edendigini öňe sürdi

 

AK Tamyň metbugat geňeşçisi Mk Enany, Russiýanyň Talibanly başbozarlara  Owganystandaky amerikaly esgerleri öldürmegi üçin pul teklip edendigini öňe sürdi

MkEnani, gündelik metbugat ýygnagyna, Merkezi razwetka gullugynyň başlygy Gina Hasper bilen Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Robert Obrieniň ertir Kongresiň agzalary bilen Ak Tamda duşuşjakdygyny we Russiýa hakynda maglumat berjekdigini aýtdy.

“Nýu Ýork Taýmes” gazeti, ABŞ-nyň Milli razwetka gullugyna esaslanýan habarynda, Russiýanyň Talibanly başbozarara Owganystandaky amerikaly esgerleri öldürmegi üçin pul teklip edendigini öňe sürdi.

Amerikaly ýolbaşçylaryň, Russiýanyň amerikaly esgerleri öldürmegi üçin başbozarlara pul teklip edendigini, tussag edilen Talibanly başbozarlardan öwrenendigi nygtaldy.



Degişli Habarlar