Kanada Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Kanada Siriýada başdan geçirilýän ynsanperwer krizisiniň täsir ýetiren bosgunlara gujak açan Türkiýä minnetdarlygyny bildirdi

1446473
Kanada Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Kanadanyň Halkara Galkynyş ministri Karina Gould beren ýazmaça beýanatynda, Siriýa krizisiniň siriýalylara we goňşy ýurtlardaky millionlarça adama ýaramaz täsir ýetirmäge dowam edýändigini habar berdi. 

Gould: "Kanada köp sanda siriýaly bosuguna ýer eýeçiligini etmek babatynda jomart hereket edýän Türkiýä, Liwana, Iordaniýa, Yraka we Müsüre minnetdarlyk bildirýär. Kanada çaknyşygy hemişelik bir syýasy çözgüt bilen bes etmek üçin halkara jemgyýet we siriýalylar bilen işlerini dowam etdirmekde tutanýerlidir" diýip belledi. 



Degişli Habarlar