Antoniu Guterreş, Liwiýanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Guterreş bilen Serraj ýurtdaky ýapyk nebit känleriniň ýaňadandan açylmagy barada pikir alyşdy
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Liwiýanyň Premýer ministri Faýiz As Serraj bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
BMG tarapyndan berlen beýanatda, Premýer ministr Serrajyň 5+5 komissiýasynyň ýagny 5 hökümet bilen ýurduň gündogaryndaky illegal güýçleriň arasyndaky bilelikdäki harby komisiýanyň gepleşikleri we saýlawlara esaslanýan syýasy çözgüt tagallalary hakynda maglumat berendigi nygtaldy.
Beýanatda, Guterreş bilen Serrajyň mundan başgada ýurtdaky ýapyk nebit känleriniň ýaňadandan açylmagy barada pikir alyşandygy bellenildi
BMG-nyň Baş sekretary Liwiýada tapylan köpçülikleýin mazarlara uly gynanç bildirýändigi, BMG-nyň wakanyň jogapkärleriniň tapylmagyna we täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşe goldaw bermäge taýardygyny belledi.
BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Dužarriç, Baş sekretar Guterreşiň Liwiýanyň gündogaryndaky illegal ýaraly güýçleriň lideri Halyf Haftar bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.
Degişli Habarlar
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Ukraina we Ysraýyla Goşmaça Harby Kömegiň Berilmegini Tassyklady
Baýden, Ukraina 61, Ysraýyla hem 26 milliard dollarlyk harby kömegiň berilmegini tassyklady.