"Koronawirus epidemiýasy sebäpli ozal deňi taýy görülmedik ykdysady kynçylygyň başdan geçirýäris"

Merkel, Fransiýanyň Prezidenti Makron bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi

1446005
"Koronawirus epidemiýasy sebäpli ozal deňi taýy görülmedik ykdysady kynçylygyň başdan geçirýäris"

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ozal deňi taýy görülmedik ykdysady kynçylygyň başdan geçirilýändigini aýtdy.

Angela Merkel, paýtagt Berliniň golaýyndaky Merseberg köşgünde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Merkel “Bir tarapdan pandemiýa garşy göreşýäris, beýleki tarapdan hem Germaniýa, hem Fransiýa, hem-de ÝB pandemiýa bilen arabaglanşykly ozal deňi taýy görülmedik ykdysady kynçylygy başdan geçirýär”diýdi.

Angela Merkel, Germaniýa bilen Fransiýanyň bilelikde ykdysady kynçylyklaryň hötdesinden gelmek maksady bilen ÝB-ne agza ýurtlar üçin halas ediş gaznasyny teklip edendiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar