Eýranyň Zahidan şherinde bir harby ulaga garşy bombaly hüjüm guraldy

Eýranyň Sistan-Belujystan welaýatynyň Zahodan şäherinde bir harby ulaga garşy bombaly hüjüm guraldy

1446339
Eýranyň Zahidan şherinde bir harby ulaga garşy bombaly hüjüm guraldy

Eýranyň Döwlet telewideniýesiniň ýerli çeşmelere esaslanyp beren habaryna görä, Zahidan şäheriniň Korin etrapçasynda düýn gije harby ulagyň nyşana alynyp guralan bombaly hüjümde Ynkylap goragçylarynyň bir serkerdesi bilen sürüjisiniň ölendigi habar berilýär. 

Hüjüm bilen baglanşykly wideo ýazgylar hem bolan habarda: "Ýerli çeşmeler, bir harby resminiň we ulagyň sürüjisiniň şehit bolandygyny aýan etdi. Resmiler bolsa hadysa bilen baglanşykly beýanat bermedi" diýip beýan edildi.

Habarda hüjümiň "Jeýşul Adl" guramasy tarapyndan guralandygy aýan edildi. 

Döwlet telewideniýesiniň habar bermeginden soň, Sistan-Belujystan welaýatynyň gubernatory Ali Ahmed Mohebeti, hüjümiň ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bomba bilen guralandygyny habar berdi. 

Eýranyň mediasy düýn gije Sistan-Belujystan welaýatynyň Korin etrabynda partlamanyň sesiniň edişdilendigi bilen bagly habar beripdi. 


Etiketkalar: #partlama , #hüjüm , #Eýran

Degişli Habarlar