Dünýäde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli adam ýitgileri çekilmäge dowam edilýär

Dünýäde saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 5 million 689 müň adamdan geçdi

1446196
Dünýäde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli adam ýitgileri çekilmäge dowam edilýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 508 müň 637 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany 10 million 429 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 5 million 689 müň adamdan geçdi. 

Epidemiýanyň ilkinji ýüze çykan ýeri bolan Hytaýda soňky 24 sagatda wirus sebäpli adam ýitgisi çekilmesede, wirusa ýene-de 19 adamyň ýolukmagy bilen ýurtda koronawirus ýokan adamlaryň sany jemi 83 müň 531 adama ýetdi. Hytaýda şu günki güne çenli koronawirus sebäpli 4 müň 634 adam ýogaldy. 

Kovid-19 sebäpli şu günki güne çenli 282 adamyň ýogalan Günorta Koreýada koronawirus sebäpli adam ýitgisi çeklimesede, ýene-de 43 adamyň wirusa ýolukmagy bilen ýurtda wirusa ýolugan adamlaryň sany 12 müň 800 adama ýetdi. 

Russiýada soňky 24 sagatda ýene-de 154 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 9 müň 320-ä, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 6 müň 693 adamlyk artyş bilen jemi 647 müň 849 adama ýetdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 423 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň jemi sany 16 müň 898-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 19 müň 212 adamlyk artyş bilen 567 müň 530 adama ýetdi. 

Yrakda Kovid-19 sebäpli häzirki wagta çenli 839 adam ýogalan bolsa, wirusa ýoluganlaryň sany 47 müň 151 adama ýetdi. 

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Sima Sadat Lari, Kovid-19 sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 167 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus sebäpli adam ýitgisiniň 10 müň 817 adama, wirusa täze ýolugan 2 müň 457 adam bilen bolsa, ýurtda koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň jemi 227 müň 662 adama ýetendigini mälim etdi. 

Koronawirus sebäpli 320 adamyň ýogalan Ysraýylda soňky 24 sagatda ýene-de 714 adamyň koronawirus bilen keselländigi anyklandy. Ysraýylda şeýlelik bilen Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 24 müň 688 adama ýetdi. 

2 müň 872 adamyň ýogalan Müsürde, soňky 1 günde ýene-de 1 müň 566 adamda Kovid-19-yň bardygy anyklananyndan soň, ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 66 müň 754 adama ýetdi. 

Epidemiýa sebäpli 108 adam ýogalan we 6 müň 698 adamyň wirusa ýolugan Senegalda, Prezident Maky Sall, ýurtda adamlaryň saglyk ýagdaýynyň kadalaşma derejesiniň 64 göterim töwerekdigini belläp, adatdan daşary ýagdaýyň we köçä çykmak gadagançylygynyň 1-nji iýuldan, ýagny çarşenbe gününden başlap ortadan aýryljakdygyny, 15-nji iýuldan başlap bolsa ähli daşary ýurt uçar saparlarynyň ýaňadandan başlajakdygyny habar berdi. 

Nigeriýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 573 adama ýeten bolsa, wirusa ýoluganlaryň sany 25 müň 133 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň artmagyna garamazdan, öňüni alyş çäreler gowşadyldy. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar