Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 508 müň 250 adama ýetdi

Dünýäde saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 5 million 669 müň adamdan geçdi

1445947
Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 508 müň 250 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 508 müň 250 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany 10 million 413 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 5 million 669 müň adamdan geçdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 423 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň jemi sany 16 müň 898-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 19 müň 212 adamlyk artyş bilen 567 müň 530 adama ýetdi. 

Yrakda Kovid-19 sebäpli häzirki wagta çenli 839 adam ýogalan bolsa, wirusa ýoluganlaryň sany 47 müň 151 adama ýetdi. 

2 müň 872 adamyň ýogalan Müsürde, soňky 1 günde ýene-de 1 müň 566 adamda Kovid-19-yň bardygy anyklananyndan soň, ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 66 müň 754 adama ýetdi. 

Epidemiýa sebäpli 108 adam ýogalan we 6 müň 698 adamyň wirusa ýolugan Senegalda, Prezident Maky Sall, ýurtda adamlaryň saglyk ýagdaýynyň kadalaşma derejesiniň 64 göterim töwerekdigini belläp, adatdan daşary ýagdaýyň we köçä çykmak gadagançylygynyň 1-nji iýuldan, ýagny çarşenbe gününden başlap ortadan aýryljakdygyny, 15-nji iýuldan başlap bolsa ähli daşary ýurt uçar saparlarynyň ýaňadandan başlajakdygyny habar berdi. 

Nigeriýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 573 adama ýeten bolsa, wirusa ýoluganlaryň sany 25 müň 133 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň artmagyna garamazdan, öňüni alyş çäreler gowşadyldy. 



Degişli Habarlar