BSGG: "Iň erbet tapgyr entek gelmedi" diýip aýan etdi

Gebreisus Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, Ženewa şäherinde ýerleşýän merkezinde, wideo konferensiýa arkaly geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş etdi

1445963
BSGG: "Iň erbet tapgyr entek gelmedi" diýip aýan etdi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Dr. Tedros Adanom Gebreisus, koronawirus epidemiýasy bilen baglanşykly: "Iň erbet tapgyr entek gelmedi" diýip habar berdi. 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, Ženewa şäherinde ýerleşýän merkezinde, wideo konferensiýa arkaly geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Gebreisus, ençeme ýurdyň wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak we adamlaryň janlaryny halas etmek üçin ozal görülip-eşdilmedik çäreler görendigini belläp: "Bu öňüni alyş çäreler wirusyň ýaýramagyny ýuwaşlatdy. Emma dolulygyna duruzmady. Käbir ýurtlar ykdysadyýetlerini we jemgyýetlerini ýaňadandan açmaga başlandyklary üçin wirusa ýolugýan adamlaryň sany ýene-de artmaga başlady. Wirusyň ýaýrap biljek entek köp ýer bar. Ählimiz galan ýerimizden dowam etmek isleýäris. Emma hakykat şundan ybarat: bu epidemiýa dolulygyna ýok bolmaga entek ýakyn däl" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar