Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Dünýäde saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 5 million 372 müň adamdan geçdi

1444318
Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýä derejesinde ýogalýanlaryň sany 497 müň 255 adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 9 millioň 919 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 5 million 372 müň adamdan geçdi. 

Epidemiýanyň güýç merkezi bolan ABŞ-da soňky 24 sagatda 2 müň 500 adamyň ýogalmagy we ýene-de 42 müň adamyň wirusa ýolukmagy aladalara sebäpli boldy. Şeýlelik bilen ýurtda adam ýitgisi 127 müň 640-a, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 502 müň adama ýetdi. New York Times gazedi Arizona, Florida, Tehas ýaly epidemiýanyň artan ştatlarynda Kovid-19 testi položitel çykan adamlaryň aglabasynyň ortaça ýaşynyň 20 bilen 40 aralygyndadygyny belledi. 

Britaniýada koronawirusa epidemiýasy sebäpli häzirki wagta çenli ýogalanlaryň sany 43 müň 414 adama ýetdi. 

Italiýada epidemiýa sebäpli soňky 1 günde ýene-de 30 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda adam ýitgisi 34 müň 708 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 259 adam artmagy bilen, jemi 239 müň 961 adama ýetdi. 

Fransiýada epidemiýa sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 26 adamyň ýogalmagy bilen, adam ýitgisi jemi 29 müň 778-e ýetdi, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 müň 588 aamlyk artyş bilen, 200 müň 331 adama ýetdi. 

Ispaniýada Saglygy goraýyş ministrligi Kovid-19 sebäpli soňky 1 hepdede 8 adamyň ýogalandygyny, şeýlelikde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 28 müň 338 adama ýetendigini habar berdi. Ministrlik soňky 24 sagatda ýene-de 191 adamyň wirusa ýolugandygyny we şeýlelik bilen wirusa ýoluganlaryň sanynyň 247 müň 905 adama ýetendigini mälim etdi. 

Braziliýada ýene-de 990 adamyň ýogalmagy bilen ýurtdaky adam ýitgisi 56 müň 109-a, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 46 müň 860 adamlyk artyş bilen 1 million 280 müň 54-e ýetendigi aýan edildi. 

Meksikada soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýene-de 719 adamyň ýogalmagy bilen, jemi adam ýitgisiniň 25 müň 779-a, wirusa ýoluganlaryň sanynyň bolsa 5 müň 441 adamlyk artyş bilen 208 müň 392 adama ýetdi. 

Argentinada 1 müň 184 adamyň ýogalan koronawirus sebäpli, şu günki güne çenli 52 müň 557 adam ýolukdy. 

Portugaliýada Kovid-19 sebäpli soňky 24 sagatda 6 adamyň ýogalmagy sebäpli, jemi adam ýitgisi 1 müň 555-e ýetdi. Ýene-de 451 adamyň ýogalandygy anyklanan ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany jemi 40 müň 866 adama ýetdi. 

Adam ýitgisi soňky 24 sagatda 3 adam artyp 178-e ýeten Bosniýa-Gersegowinada, wirusa ýene-de 140 adamyň ýolugandygy we şeýlelik bilen jemi 3 müň 935 adama ýetendigi aýan edildi. 

Çernogoriýada Kovid-19 sebäpli jemi 9 adam ýogalan bolsa, geçen aý dolulygyna ortadan aýrylandygy aýan edilen wirusyň ýaňadandan ýüze çykmagy bilen ýene-de 115 adama wirusa ýolukdy. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany şeýlelik bilen 439 adama ýetdi. 

Serbiýada ýene-de 1 adamyň Kovid-19 sebäpli ýogalmagy bilen ýurtda jemi adam ýitgisi 265-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 193 adam artyp, 13 müň 565 adama ýetdi. 

Epidemiýa sebäpli adam ýitgisiniň 107-digi aýan edilen Horwatiýada, wirusa ýoluganlaryň sany 56 adam artyp, 2 müň 539 adama ýetdi. 

109 adamyň ýogalan Sloweniýada bolsa wirusa ýoluganlaryň sany 11 adam artyp, jemi 1 müň 558 adama ýetdi. 

268 adamyň ýogalan Demirgazyk Makedoniýada soňky 24 sagatda ýene-de 163 adama wirusyň ýolugandygy anyklananyndan soň, ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 5 müň 758 adama ýetdi. 

Adam ýitgisiniň 42-ä ýeten Kosowada ýene-de 69 adamda wirusyň bardygy anyklanmagy bilen, ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 2 müň 432 adama ýetdi. 

51 adamyň ýogalan Albaniýada bolsa soňky 24 sagatda ýene-de 77 adamda wirusyň bardygy ýüze çykmagyndan soň, ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 2 müň 269 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli beýleki käbir ýurtlardaky adam ýitgileri şular ýaly: Belgiýada 9731, Germaniýada 9026, Peruda 8939, Kanadadan 8508, Gollandiýada 6103, Şwesiýada 5280, Çilide 5068, Ekwadorda 4406 we Kolumbiýada 2811 adam. 



Degişli Habarlar