Afrinde guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 2 adam ýogaldy

Motosiklede goýlan bomba, etrap merkezinde ýaryldy

1442525
Afrinde guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 2 adam ýogaldy

 

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen terrordan saplanan Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Afrin etrabynda guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 2 adam ýogaldy, 5 adam hem ýaralandy.

Motosiklede goýlan bomba, etrap merkezinde ýaryldy.

Howpsyzlyk güýçleri, terrordan saplanan zolaklarda bombaly hüjümleriň ekstremist terror guramas ÝPG/PKK tarapyndan guralýandygyny we terror guramasynyň asuda ilata zeper ýetirýändigini mälim etdi.

Afriniň etrap merkezinde 20-njy iýunda guralan bombaly hüjümde hem çagalar bilen birlikde 4 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar