ABŞ Eýrana goýulan ýarag embargosunyň gaýtalanmagy üçin BMG-na taslama hödürledi

ABŞ BMG-niň Howpsyzlyk geňeşine Eýrana garşy halkara ýarag embargosunyň gaýtalanmagy üçin karar taslamasyny hödürledi

1442195
ABŞ Eýrana goýulan ýarag embargosunyň gaýtalanmagy üçin BMG-na taslama hödürledi

BMG-niň Howpsyzlyk geňşiniň 13 ýyldan bäri Eýrana goýan ýarag embargosunyň möhleti 2015-nji ýylda gol çekişilen ýadro ylalaşygynyň çäginde oktýabr aýynda gutarýar.

Halkara sanksiýalaryň gaýtalanmagyny isleýän ABŞ BMG-niň Howpsyzlyk geňeşine hödürlän täze karar taslamasynda Eýrana ýarag we degişli enjamlaryň satuwunyň, üpjün edilmegini we geçirilmeginiň gadagan edilmegini talap edýär.

Taslamada döwletlere Eýrana gidýän gämilerde gadagan edilen enjamlaryň bardygy hakynda ýerlikli sebäpler bolan halatynda derňew geçirilmegi üçin çagyryş edilýär.

Russiýa we Hytaý bolsa Eýrana goýulan sanksiýalaryň gaýtalanmagyna garşy durýar.

BMG-niň Howpsyzlyk geňeşinde taslamanyň kabul edilmegi üçin 15 agzadan azyndan 9 sanysy kabul sesini bermeli we hemişelik agzalar ABŞ, Russiýa, Hytaý, Britaniýa hem-de Fransiýadan haýsydyr bir weto ygtyýaryndan peýdalanmaly däl.



Degişli Habarlar