Maduro: "Tramp bilen duşuşyk geçirmäge taýardyryn" diýdi

Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro, gerek bolan halatynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşyk geçirmäge taýardygyny habar berdi

1441566
Maduro: "Tramp bilen duşuşyk geçirmäge taýardyryn" diýdi

Wenesuelanyň AWN habarlar agentligine beren beýanatynda, Trampyň özi bilen duşuşyp biljekdigi baradaky beýanatynyň ýatladylmagyna Maduro, ABŞ-nyň ozalky Wise-prezidenti Jo Baýden bilen 2015-nji ýylda duşuşyk geçirendigini ýatladyp: "Meniň jogabym, Baýden bilen sarpa goýup nähili ýagdaýda uzak wagtlap duşuşyk geçiren bolsam, gerek bolan halatynda Prezident Donald Tramp bilen hem sarpa goýup duşuşyk geçirmäge taýardyryn. Edil Baýden bilen duşuşyk geçirşim ýaly, Tramp bilen hem duşuşyk geçirip bilerin" diýip mälim etdi. 

Beýleki tarapdan Trampyň birnäçe gün ozal Akisos atly internet saýtyna beren interwýusynda, Guaýdo barada "Şonuň bilen hem bolar, şonsyz hem bolar" we "Maduro bilen duşuşyk geçirmegi pikir edip bilerin" diýip beýanat bermeginden soň, Ak Tamyň Milli Howpsuzlyk geňeşinden beýanat berildi. 

ABŞ-nyň Wenesuelanyň halkynyň "Azatlyk, adaty adam hukuklary we demokratiýanyň ýaňadandan dikeldilmegi" üçin alyp barýan göreşini goldaýandygy bellenen beýanatda: "Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet, ýurdyň wagtlaýyn Döwlet baştutany Guaýdo berýän egsilmez goldawyny dowam etdirýär" diýip bellendi. 



Degişli Habarlar