Britaniýada rasizme garşy protestler dört hepdeden bäri dowam edýär

Protestde köp sanly demonstrant saklandy, onlarça polis ýaralandy

1440166
Britaniýada rasizme garşy protestler dört hepdeden bäri dowam edýär

Paýtagt Londonda günorta sagatlarynda “Haýde Parkda” jemlenşen demonstrantlar ýygy-ýygyda “garaýagyzlaryň ömri gymmatlydyr”, “Adalat bolmasa parahatçylygam bolmaz”, “Britaniýa bigünä däl” görnüşli şygarlar aýtdylar.

“İndi besdir”, “Dymmalygyňyz rasizmdir” ýazylan şygarlary göteren demonstrantlar hökümetden rasizme we ekstremizme garşy işe girişmegini islediler.

London bilen bilelikde Kowentri we Nýukastlde hem-de Şotlandiýanyň Glasgow şäherlerinde-de ýörişler geçirildi.

ABŞ-da Afroamerikan Jorj Floýdyň 25-nji maýda polis tarapyndan öldürilmeginden soň başlan rasizme garşy protestler Britaniýada dowam edipdi.

Ýygy-ýygyda polis bilen çaknyşylýan protestde köp sanly demonstrant saklandy, onlarça polis ýaralandy. Aýratynam Bristol şäherinde gul täjiriniň heýkeli ýykylypdy we Londonda ozalky Premýer ministr Çerçilliň heýkeline “Ol rasistdi” diýlip ýazylypdy.



Degişli Habarlar