Pekinde ähli mekdepler ýapyldy

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 444 müň 437 adamdan geçdi

1437508
Pekinde  ähli mekdepler ýapyldy

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 444 müň 437, wirusa ýoluganlaryň sany 8 million 227 müň, sagalanlaryň sany bolsa 4 million 279 müň adandan geçdi

Hytaýyň paýtagty Pekinde Şinfadi bazaryndaky satygçylaryň arasynda koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artmagy sebäpli şäherde berk çäreler görülýär we ähli mekdepler ýapyldy. 12-nji iýundan bäri Pekinde 106 adama wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy. Hytaýda epidemiýa sebäpli häzire çenli 4 müň 634 adam ýogaldy, 83 müň 221 adam hem hasaba alyndy.

Müsürde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 94 adam artyp 1766 adama ýetdi. Ýogalanlaryň 68-i lukman. Soňky 24 sagatda wirusa ýoluganlaryň sany 1567 adam artyp 47 müň 856 adama ýetdi.


Etiketkalar: #koronawirus , #mekdep , #Pekin , #Hytaý

Degişli Habarlar