“Tramp saýlawda galplyk edip biler”

Ozalky Wise-prezident we Demokrat partiýanyň dalaşgäri Baýden, prezident saýlawlary hakynda metbugata beýanat berdi

1434437
“Tramp saýlawda galplyk edip biler”

 

ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawlarynda Demokrat partiýanyň adyndan bäsleşjek Jo Baýden, Prezident Donald Trampyň saýlawda galplyk edip biljekdigini öňe sürdi.

Ozalky Wise-prezident we Demokrat partiýanyň dalaşgäri Baýden, 5 aý soň 3-nji noýbarda geçiriljek prezident saýlawlary hakynda metbugata beýanat berdi.

“Saýlawda häzirki prezidentiň galplyk etmegine alada bildirýärin, ol bu saýlawda galplyk etmäge çalşar” diýen Baýden “Bu adam, alynky saýlawda poçta arkaly ses bermek bilen galplyk edilip bilinjekdigini aýdýarka, beýleki tarapdan  Owal ofisde oturan ýerinde poçta arkaly ses berdi” diýdi.

Baýden, Donalt Trampyň, saýlawda üstünlikli gazanyp bilmändigine garamazdan ýeňilişini kabul etmäge halatynda ýokary derejeli harby ýolbaşçylaryň ony Ak Tamdan zor bilen çykarjakdygyna ynanýandygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar