ABŞ-da terror guramasy FETÖ degişli mekdep ýapyldy

ABŞ-nyň Alabama ştatynda terror guramasy FETÖ tarapyndan açylmaga synanyşylan mekdebiň ýapylmagy barada karara gelindi

1433263
ABŞ-da terror guramasy FETÖ degişli mekdep ýapyldy

ABŞ-nyň Alabama ştatynda terror guramasy FETÖ tarapyndan açylmaga synanyşylan we 2019-njy ýylyň awgust aýyndan bäri kazyýet işi dowam edýän mekdebiň ýapylmagy barada karara gelindi. 

Alabama ştatynyň Milli ylalaşykly mekdepler komissiýasynda geçirilen ses berilşikde, terror guramasy FETÖ-niň "Woodland taýarlyk mekdepleriniň" açylyş bilen bagly deslapky şertleri ýerine ýetirmändigi we maliýe standartlarynyň düzgünlerini berjaý etmänligi sebäpli ýapylmagy barada karara gelindi. 

Beýleki tarapdan Gruziýanyň Bilimiň ülňülerini özgertmek merkezi, FETÖ bilen arabaglanşykly bolan Şota Rustaweli başlangyç mekdebiniň we liseýiniň ygtyýarnamasynyň elinden alynandygyny habar berdi. 

Gruziýanyň Bilim ministrligine degişli merkezden berilen ýazmaça beýanatda, ýurdyň Rustawi şäherinde iş alyp barýan FETÖ bilen arabaglanşygy bolan mekdebiň ygtyýarnamasynyň, ýyllyk bilim meýilnamasy bilen mekdepdäki şertleriň gabat gelmeýänligi sebäpli ýatyrylandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #Gruziýa , #ABŞ

Degişli Habarlar