Türkiýä bildirilen minnetdarlyk Kongresiň resminamalaryna goşuldy

Wekiller Palatasynyň Türkiýe Dostluk toparynyň başlygy eden çykyşynda berilen lukmançylyk kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi

1430614
Türkiýä bildirilen minnetdarlyk Kongresiň resminamalaryna goşuldy

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde ABŞ-na beren lukmançylyk enjamlary kömegi üçin bildirlen minnetdarlyk, Kongresiň resminama arhiwiniň düzümine hem goşuldy.

ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň Türkiýe Dostluk toparynyň egindeş Başlygy Jo Wilson, Nensi Pelosiniň başlyklyk etmeginde geçirilen Palatanyň maslahatynda Türkiýä sagbolsun aýdyp, resmi taýdan Kongresiň resminamalarynyň düzümine goşulmagyny üpjün etdi.

Türkiýäniň hyzmatdaş ýurt hökmünde ABŞ-na iki uçar lukmançylyk kömegini berendigini nygtan Wilson: “Şol kömek epidemiýa garşy göreşde gerek bolan hyzmatdaşlykdyr. Döwletimiziň işleşýändigini görmek meni kanagatlandyrýar. Beýleki tarapdan 50-den gowrak ýurda lukmançylyk enjamyny we kömegini gowşuran Türkiýäni jomartlygy mynasybetli gutlaýaryn” diýdi.

Prezident R.T.Erdoganyň görkezmesine laýyklykda Türkiýeden ABŞ-na 2 uçar lukmançylyk enjamy ugradylypdy, berilen beýannamalarda kömegiň 500 müň maskadan, 400 müň öňlükden, 2 müň litr dizenfeksion, 500 sany goraýyjy we 400 N95 kysymly maska bilen 1500 goraýyjy äýnekden ybaratdygy habar berilipdi.



Degişli Habarlar